Meýliňçe Bolmansoň Dünýäniň Käri – Omar Haýýam Rubagylar

Meýliňçe bolmansoň dünýäniň käri, Bihudadyr pikriň-aladaň bary, Giç gelip-ir gitdik diýip, elmydam Biderek çekýäris gaýgy-azary.

ادامه مطلب

Orazadyr, Namaz Göwnüme Ýarap – Omar Haýýam Rubagylar

Orazadyr, namaz göwnüme ýarap, Islegim bitdi diýp ýörerdim garap, Haýyp, ol täreti bir ýel syndyrdy, Orazamy bozdy bir ýuwdum şerap,

ادامه مطلب

Şerap Aşyklara Deňizde Saldyr – Omar Haýýam Rubagylar

Şerap aşyklara deňizde saldyr, Meý akyl gyzynyň ýüzünde haldyr, Oraz aý içmedik, geçdi bihuda, Başram gijesidir, içsek halaldyr.

ادامه مطلب

Ýeke Kerpijim-De Bolsa, Men Ony – Omar Haýýam Rubagylar

Ýeke kerpijim-de bolsa, men ony Ady ýaman meýe çalşaryn göni, «Hany ertirlige puluň?» – diýseler, Merýem dokan däldir selledir, dony.

ادامه مطلب

Arman, Bu Ömrümiz Geçdi Biderek – Omar Haýýam Rubagylar

Arman, bu ömrümiz geçdi biderek, Ajalyň elinden gandyr köp ýürek, Geçenleň halyny soraýyn diýsem, Gidenlerden ne nyşan bar, ne derek.

ادامه مطلب

Bir Ýaryň Yşkynda Ýanmasa Ýürek – Omar Haýýam Rubagylar

Bir ýaryň yşkynda ýanmasa ýürek, O hili ýürege «waý!» diýmekgerek. Ömrüňde şerapsyz geçse bir günüň – Ýokdur şol günüňden geçen biderek.

ادامه مطلب

Bu Gysga Ömrümde Men Gamgyn Bolman – Omar Haýýam Rubagylar

Bu gysga ömrümde men gamgyn bolman, Meýlisden, şatlykdan özge zat bilmen, «Alla saňa ynsap bersin» diýýärler, onuň öz-ä bermez, berse-de alman.

ادامه مطلب

Diýýärler;hezildir Hüýr Bilen Jennet – Omar Haýýam Rubagylar

Diýýärler;Hezildir hüýr bilen jennet Men diýýän;Bar zatdan şerapdyr gymmat». Uzakdan hoş geler depregiň sesi, Nagtyny al, çekme nesýeden minnet.

ادامه مطلب

Düýn Agşam Meý Gaby Urdum Bir Daşa – Omar Haýýam Rubagylar

Düýn agşam meý gaby urdum bir daşa, Serhoşdym men şonda, içipdim aşa, – Men-de, sen ýalydym, sen hem bir zaman Bolarsyň men kimin – diýdi…

ادامه مطلب

Eý Söýgülim, Göwnüm Üçin Gel Bäri – Omar Haýýam Rubagylar

Eý söýgülim, göwnüm üçin gel bäri, Islegmizçe çöz sen bir müşgil käri, Palçygmyzdan küýze ýasalmazdan öň Bir küýze meý getir, bar, biziň sary.

ادامه مطلب

Gaýgy-Gamy Hergiz Başa Getirme – Omar Haýýam Rubagylar

Gaýgy-gamy hergiz başa getirme, Hasrat çekip, laýa batyp oturma, Kitapdan, gözelden, gülzardan geçme, Şat geçir ömrüňi – gapyl ötürme.

ادامه مطلب

Gözlerim Syn Edip Her Ýana Bakar – Omar Haýýam Rubagylar

Gözlerim syn edip her ýana bakar, Behiştdir – göklük düz, köwserdir – akar Söz açma dowzahdan, jennetdir – sähra, Otursaň ýar bilen janyňa ýakar.

ادامه مطلب

Her Kim Öz Şertinde Berk Dursa Zyýat – Omar Haýýam Rubagylar

Her kim öz şertinde berk dursa zyýat, Gül reňkli şerapdan dänmez ol aňsat, Oraz aý şert eden meý içmezlige, Namaz-orazadan goý bolsun azat!

ادامه مطلب

Jahanda Hakyky Mahluk Adamzat – Omar Haýýam Rubagylar

Jahanda hakyky mahluk adamzat, Her kimiň pähmine girmez bu aňsat, Aňlaýyş meýinden bir ýuwdum içseň, Saýgarsyň mahlugyň haýsy kem, zyýat.

ادامه مطلب

Men Nädeýin, Sen Palçygmy Ýuurdyä – Omar Haýýam Rubagylar

Men nädeýin, sen palçygmy ýuurdyä, Ýüň-ýüpegim baryn özüň egirddiň, Ýagşy-ýaman herne bizden çyksa-da, «Ýazgyt» diýip töweregme egirdň.

ادامه مطلب

Meý Guýaryn Menlik Gabyn Özüne – Omar Haýýam Rubagylar

Meý guýaryn menlik gabyn özüne, Içerin ikisin yzly-yzyna, Ilki akla, dine üç talak berip, Soňra öýlenerin üzüm gyzyna.

ادامه مطلب

Mydam Meslik Bolsun Aşyklaň Käri – Omar Haýýam Rubagylar

Mydam meslik bolsun aşyklaň käri, Ýa perşan-diwana, bolmasyn ary, Saglykda her zadyň edýäs gamyny, Meslikde ne bolsa – bize bir bary.

ادامه مطلب

Oýlanyp Gör, Başyň Bolmasa Haly – Omar Haýýam Rubagylar

Oýlanyp gör, başyň bolmasa haly, Öň näme getirdiň äkide ýaly, «Meý içmerin, ölüm bardyr» diýýärsiň, içseň-içmeseň-de ölersiň häli.

ادامه مطلب

Şerap Gup, Ýeri Däl Her Ýalan-Çynyň – Omar Haýýam Rubagylar

Şerap gup, ýeri däl her ýalan-çynyň, Bu gije meňkidir mäzleriň seniň, Geçeni, geljegi ýadyma salma, Pikrim – zülpüň ýaly çaşgyndyr meniň.

ادامه مطلب

Taňry Palçygmyzy Eýlände Başda – Omar Haýýam Rubagylar

Taňry palçygmyzy eýlände başda, Her kime bir kysmat ýazanmyş başda, Meniň günälerim öz hökmi bolsa, Neçüýn magşar güni ýandyr ataşda.

ادامه مطلب

Ýigitlik Çagynda Meý Içen Ýagşy – Omar Haýýam Rubagylar

Ýigitlik çagynda meý içen ýagşy, Hem içip, hüýr sypat ýar guçan ýagşy, Bu pany, wepasyz, harap dünýäde Wagtyň hoş, keýpiň kök şat geçen ýagşy.

ادامه مطلب

Aý, Ýyldyz Döräli Bäri Adamzat – Omar Haýýam Rubagylar

Aý, ýyldyz döräli bäri adamzat, Görmediler meýden gowy hiç bir zat. Al şeraby satýanlara haýran men, Satyp näme alar, içgiden zyýat.

ادامه مطلب

Bir Küýzeçi Gördüm Düýn Bazar Güni – Omar Haýýam Rubagylar

Bir küýzeçi gördüm düýn bazar güni, Palçygyň üstünden depýärdi göni. Bir zaryn ses bilen laý diýdi oňa: «Men-de sen ýalydym, horlama meni».

ادامه مطلب

Bulut Zar Aglady Gülzara Gelip – Omar Haýýam Rubagylar

Bulut zar aglady gülzara gelip, Şerap iç, oturma saralyp-solup, Bu çemende bu gün biz oýnap gezsek, Erte çemenmizde kim gezer gülüp.

ادامه مطلب

Diýýärler;meretde Meý Içmek Bijaý» – Omar Haýýam Rubagylar

Diýýärler;Meretde meý içmek bijaý», Rejep aýynyä-da eýesi hudaý, Bu aýlar resuldyr, taňryňky bolsa, Oraz aý içeris – biziňki bu aý.

ادامه مطلب

Dýnýäniň Eşteri Meý Bilen Sazdyr – Omar Haýýam Rubagylar

Dýnýäniň eşteri meý bilen sazdyr, Ýene bir ýagşy zat oňat owazdyr, Her näçe seretseň dýnýäň işine, Ýamanlyk bir gyşdyr, ýagşylyk ýazdyr.

ادامه مطلب

Eý Saky, Meý Getir, Allaň Haky Üçin – Omar Haýýam Rubagylar

Eý saky, meý getir, allaň haky üçin, Butlar döw, ýatyr allaň haky üçin, Sen dirilik suwy, biz teşne balyk, Bizi suwa ýetir, allň haky üçin.

ادامه مطلب

Gaýgygamdan Bir Gün Bolmadym Azat – Omar Haýýam Rubagylar

Gaýgygamdan bir gün bolmadym azat, Bolmadym durmuşda bir salym hem şat, Köp zaman şägirdi bolup dünýäniň, Ahyr hem jahanda bolmadym ussat.

ادامه مطلب

Göwnüm Gulagyna Söýledi Pelek – Omar Haýýam Rubagylar

Göwnüm gulagyna söýledi pelek «Dünýäň işin menden görme, biderek», erkim bar bolsady bu dolanmakda, munça sergezdanlyk etmezdim gerek.

ادامه مطلب

Her Kimiň Bar Bolsa Bir Döwüm Nany – Omar Haýýam Rubagylar

Her kimiň bar bolsa bir döwüm nany, Oturyp-turmaga bolsa mekany, Gul saklaman, gul hem bolman hiç kime, Ömür boýy şat geçirsin jahany.

ادامه مطلب

Jahanda Saýlantgy, Eý Zülpi Tarym – Omar Haýýam Rubagylar

Jahanda saýlantgy, eý zülpi tarym, Göz guwanjym, tende janym, sen barym, Eý söýgülim, jandan eziz bir zat ýok, Jandanda ýüz esse ezizsiň, ýarym.

ادامه مطلب

Men Bilmeýän Taňry Ýaradan Wagty – Omar Haýýam Rubagylar

Men bilmeýän taňry ýaradan wagty, Behiştmi, dowzahmy oň bellän bagty, Gülzarlykdameý, saz, gözel ýar bolsa, Nesýe behişt saňa – ber bu üç nagty.

ادامه مطلب

Meý Haram Bolsa-Da, Içgin Hemişe – Omar Haýýam Rubagylar

Meý haram bolsa-da, içgin hemişe, Saz bilen içmegi edingin pişe, Damjasyn damdyrma, düýbüne çen iç, Düşäýse eliňe bir meýli çüýşe.

ادامه مطلب

Mydam Meýiň Taryp Baýdagyn Gerdim – Omar Haýýam Rubagylar

Mydam meýiň taryp baýdagyn gerdim, Meý esbabyn töweregme egirdim, Eý sopy, ussadyn ger dana bolsa, Bil, seniň ussadyň – meniň şägirdim.

ادامه مطلب

Öz Erkimde Bolsa, Dünýä Gelmezdim – Omar Haýýam Rubagylar

Öz erkimde bolsa, dünýä gelmezdim, Galmaga güýç ýetse, hergiz ölmezdim, Bu harap jahana baryndan gowsy Gelmezdim, gitmezdim hem-de bolmazdym.

ادامه مطلب

Şerap Iç, Bedeniň Dönjekdir Toza – Omar Haýýam Rubagylar

Şerap iç, bedeniň dönjekdir toza, Ýasarlar gumuňdan käse hem küýze, Getirme göwnüňe dowzah, behişdi, Akylly ynanmaz bu ýalan söze.

ادامه مطلب

Taňry Keremlidir, Saky, Meý Ýolla – Omar Haýýam Rubagylar

Taňry keremlidir, saky, meý ýolla, Geçer günämizi keremli alla, Halkyň tagatyna mätäç däldir ol, Tagat ýükün satma – şerap iç gel-de.

ادامه مطلب

Yşkynda Çeker Men Dürli Melamat – Omar Haýýam Rubagylar

Yşkynda çeker men dürli melamat, Synyrsam ähdimi, bolar garamat, Ömrüm çydam etse jepalaryňa, Tap getirin, tä bolýança kyýamat.

ادامه مطلب

Bägül Dek Bulgur Al Eliňe Ýazda – Omar Haýýam Rubagylar

Bägül dek bulgur al eliňe ýazda, Oturgyn ýar bilen söhbetde, sazda, Meý iç şatlyk bilen, ahyr bu pelek Seni-de ýatyrar toprakda –tozda.

ادامه مطلب

Bir Zatdan Habarly Edeýin Seni – Omar Haýýam Rubagylar

bir zatdan habarly edeýin seni, Diňle iki sözde oň mahlasyny, Seniň yşkyň bilen girsem-de ýere, Çykarar gaýtadan seň mähriň meni.

ادامه مطلب

Bulrugy Uzat-Da, Eliňe Saz Al! – Omar Haýýam Rubagylar

Bulrugy uzat-da, eliňe saz al! Bilbiliň sesine goş sesiňi, gel, Meýi sazsyz içmek rowa bolsady, Bulgura guýlanda luk-luk etmez ol.

ادامه مطلب

Diýýärler;magşarda Bolar, Çeke-Çek – Omar Haýýam Rubagylar

Diýýärler;Magşarda bolar, çeke-çek, Ol mähriban taňry gazaba münjek». Hiç ýamanlyk çykmaz asly ýagşydan, Şerap iç, iş soňy haýyrdyr, bişek.

ادامه مطلب

Eden Ähtimiziň Bozuldy Bary – Omar Haýýam Rubagylar

Eden ähtimiziň bozuldy bary, Gerek däl dünýäniň şöhraty, ary, Mes diýip aýp etmäň, yşk şerabyndan Serhoş biz enäniň garnyndan bäri.

ادامه مطلب

Eý Sopy, Bizi Hem Göwnümiz Alyň – Omar Haýýam Rubagylar

Eý sopy, bizi hem göwnümiz alyň, Allanyň haky üçin, uzatma diliň, Biz dogry gitsek-de, sen egri görýäň, Git, görejiň düzet, çek bizden eliň!

ادامه مطلب

Gel, Eý Dost, Etmäli Ertiriň Gamyn – Omar Haýýam Rubagylar

Gel, eý dost, etmäli ertiriň gamyn, Ganymat bileli ömrüň her demin, Ençe öň ölene ýoldaş bolarys, Söndürse ol ölüm ýaşaýyş şemin.

ادامه مطلب

Gparylsa Eger Ömrüm Nahaly – Omar Haýýam Rubagylar

Gparylsa eger ömrüm nahaly, Dagar meň bedenim toz-toprak ýaly, Palçyk eýläp, küýze etseler gumumdan, Direler ol meýden dolan mahaly.

ادامه مطلب

Her Näçe Bolsam-Da, Pasyk-Günäkär – Omar Haýýam Rubagylar

Her näçe bolsam-da, pasyk-günäkär, Ýaş döküp, sopy dek çekmerin azar, Dowzahyň, jennetiň bary biderek, Säherler meslikde, meý gerek hem ýar.

ادامه مطلب

Jahany Üýtgedip Şu Wagt Gursa – Omar Haýýam Rubagylar

Jahany üýtgedip şu wagt gursa, Nähili guruşyn Omar hem görse, Ýa öçürse depderinden adymy, Ýa bolmasa, rysgalymy köp bese.

ادامه مطلب

Men Çemen Müsründe Ýusup–diýdi Gül – Omar Haýýam Rubagylar

Men çemen müsründe Ýusup–diýdi gül, Agzym gyzyl-ýakut, altyndyr edil, Diýdim: – Ýusup bolsaň, görkez bir nyşan, Diýdi: – şaýat, ganly köýnegimi bil.

ادامه مطلب

Meý Bolsa, Ýar Bolsa, Çyksak Gök Düze – Omar Haýýam Rubagylar

Meý bolsa, ýar bolsa, çyksak gök düze, Aňlasaň şu zatlar behiştdir bize! Jennete, dowzaha kim gidip geldi? Üşertme gulagyň ýaňralýan söze.

ادامه مطلب