Omar Haýýam Rubagylar
Umyt Bilen Etdim Ömrümi Berbat – Omar Haýýam Rubagylar
Umyt bilen etdim ömrümi berbat, Bolmadym bir gün hem durmuşymdan şat, Indi öç alaýyn diýsem dünýäden, Gorkýaryn, zamana wagt bermez zyýat.
Asmanda Ýerleşen Gök Ýyldyzlary – Omar Haýýam Rubagylar
Asmanda ýerleşen gök ýyldyzlary, Haýrana galdyrýar akly düzleri, Täleýiňi ýyldyzlardan agtarma, Çünki sergezdandyr olaň özleri.
Bir Derejä Ýeten Ululaň Bary – Omar Haýýam Rubagylar
Bir derejä ýeten ululaň bary, Gaýgygam, barynyň hars urmak käri, Betnebis bolmasaň özleri kimin, Adam hasaplamaz seni hiç biri.
Bulguryň Lebine Leb Goýup Birden – Omar Haýýam Rubagylar
Bulguryň lebine leb goýup birden, Köp ýaşamak ýolun sordum bulgurdan, Dodak dodakdaka diýdi ol gizlin: «Içiber, gelmek ýok – gitseň bu ýerden».
Diýýärler;jennet Bar, Hem Onda Hüýrler – Omar Haýýam Rubagylar
Diýýärler;Jennet bar, hem onda hüýrler, Ol ýerde süýji bal, al şerap biýrler», Meý içip ýar söýsek rowadyr munda, «Şeýle hem boljakdyr iş soňy» diýrler.
Dup-Dury, Päkize Eý Bada, Seni – Omar Haýýam Rubagylar
Dup-dury, päkize eý bada, seni, Şeýle bir içerin, bolmasyn çeni, «Nireden gelýärsiň, eý şerap aga?» Diýip gygyrsynlar görenler meni.
Eý Saky, Bu Köňli Köp Ýykar Zaman – Omar Haýýam Rubagylar
Eý saky, bu köňli köp ýykar zaman, Biz üçin galara jaý däldir jahan. Biziň aramyzda bolsa meý jamy, Adalat bizdedir – bilgin bigüman.
Garşylyk Baýdagyn Galdyryn Erte – Omar Haýýam Rubagylar
Garşylyk baýdagyn galdyryn erte, Meý içerin ak sak bilen, ýörite, Ömrümiň pellesi ýetmişe ýetdi, Şu dem şatlanmasam, galam hesrete.
Gördým Meýhanada Bir Serhoş Piri – Omar Haýýam Rubagylar
Gördým meýhanada bir serhoş piri, Soradym;Gidenler bolarmy diri?» Diýdi;Meý iç, ençe biziň ýalylar Gidendirler, emma gelmedi biri».
Her Kim Iki Günde Ýetse Bir Nana – Omar Haýýam Rubagylar
Her kim iki günde ýetse bir nana, Döwýk gapdan suw tapdyrsa ynsana, Neçüýn hyzmat eder özi dek kişä, Ýa neçüýn gul bolar her bir nadana?
Jahana Goýanda Taňry Esasy – Omar Haýýam Rubagylar
Jahana goýanda taňry esasy Nämüçin goýupdyr onda kem-käsi? Kemçilik ýok bolsa, nämüçin ýykýar? Eger kemi bolsa – kimiň günäsi?
Meçjit, Medresede – Tagat Öýünde – Omar Haýýam Rubagylar
Meçjit, medresede – tagat öýünde, Dowzahdan gorkarlar, jennet küýünde, Tebigat syrlarna düşünen adam Beýle tohumlardan ekmez göwünde.
Meý – Oýnadyp Bökdüýr Dag Bilen Düzi – Omar Haýýam Rubagylar
Meý – oýnadyp bökdüýr dag bilen düzi, Ony haram eden – haramdyr özi, Toba eýlemegi etme nesihat, Arassa göwünli edýär ol bizi.
Meýhana Meslerne Baş Serkerde Men – Omar Haýýam Rubagylar
Meýhana meslerne baş serkerde men, Boş sözler sebäpli galan derde men, Ýürek gany bilen mynajat edip, Şeraba ýalbarýan gijelerde men.
Örän Ýiti Bir Ýaragym Bar Elde – Omar Haýýam Rubagylar
Örän ýiti bir ýaragym bar elde, Ol täze bap açýar maňa her ýylda, Duşmanyň ýüregi kebapdyr menden, Kellesi hem şerabyma jam golda.
Şerabyň Ýuwdumy Deger Jahana – Omar Haýýam Rubagylar
Şerabyň ýuwdumy deger jahana, Meý gabyň gapagy barabar jana, Meýli dodaklary süpüren ýaglyk Dogrudan, taý geler müň teýlesana.
Tagatdan Gowudyr Bir Göwün Alsaň – Omar Haýýam Rubagylar
Tagatdan gowudyr bir göwün alsaň, Ýagşydyr bilen hem meýlisdeş bolsaň, Bir göwne taý gelmez, ýüz palçyk Käbe, Haja neçüýn gidýäň, göwün tap, bilseň!
Ýas Tutdy Zamana, Men Mundan Göçdüm – Omar Haýýam Rubagylar
Ýas tutdy zamana, men mundan göçdüm, Çünki ýüz göwherden bir göwher seçdim. Haýyp, ýüz-müň inçe manyly sözi Ilde bilim az diýp, aýtman geçdim.
Arzuw Etseň Şerap Bilen Gözel Ýar – Omar Haýýam Rubagylar
Arzuw etseň şerap bilen gözel ýar, Elmydam gözleseň gyjak hem dutar, Bularyň hiç biri esasy däldir, Din ýesirliginden çykmasň, sen har.
Bir Gelen Nobatdyr Jahyllyk – Nagtym – Omar Haýýam Rubagylar
Bir gelen nobatdyr jahyllyk – nagtym, Meý içerin, çünki şatlykly wagtym, Aýp etmäň şeraby ajydyr diýip Onuňda sebäbi – ajydyr bagtym.
Bulguryň Içinde Gyzyl Meý Ýagşy – Omar Haýýam Rubagylar
Bulguryň içinde gyzyl meý ýagşy Gyjakly, dutarly meýlis, toý ýagşy. Şerabyň keýpinden habarsyz sopy Müň agaç daş bolsun bizden goý, ýagşy.
Diýýärler;jennet Bar, Hüýr Bar Hem Köwser – Omar Haýýam Rubagylar
Diýýärler;Jennet bar, hüýr bar hem köwser, Ol ýerde şeraplar reňbe-reň öwser», Nagtyndan dolduryp, äber käsäni, Ol nesýe – ýylandyr, üstüňe towsar.
Durmuşyň Syrlarna Düşünsek Eger – Omar Haýýam Rubagylar
Durmuşyň syrlarna düşünsek eger, Ölüm syrlarny-da adamzat biler, Bu gün dirilikde bir zat bilmeseň, Erte ölenden soň – ne bilmek bolar? ===========0 Eý köňül, nesibiň…
Eý Saky, Ýatlama Hadys-Aýaty – Omar Haýýam Rubagylar
Eý saky, ýatlama hadys-aýaty, Meýhana meý diýip ýazgyn bir haty, Biz üçin şol hatyň ýetişen güni Gadyr gijesinden gadyrly gaty.
Gaýgy-Gam Elinden Içmezden Şerap – Omar Haýýam Rubagylar
Gaýgy-gam elinden içmezden şerap, Şerbet içe bilmen toý-meýlis guran, Nanymy batyrman kimsäň duzuna Owal ýüregimden eýlemän kebap.
Göwnüňe Gaýgy-Gam Ýygnansa – Çek Meň – Omar Haýýam Rubagylar
Göwnüňe gaýgy-gam ýygnansa – çek meň, Ýa-da bir pyýala şerap iç, gül reň, Meý çekmeseň, meý içmeseň, eý akmak, Saňa laýyk daşdyr, daş iç-içmeseň.
Her Kime Syrymdan Gep Aça Bilmen – Omar Haýýam Rubagylar
Her kime syrymdan gep aça bilmen, gysga sözlüdirin, köp saça bilmen, aýdyp bilmeýärin hal-ahwalymy, gizlin syrlarym bar, leb aça bilmen.
Jahana Ýetsedi Mendäki Kuwwat – Omar Haýýam Rubagylar
Jahana ýetsedi mendäki kuwwat, Bu harap düzgüni ederdim berbat, Ýaňadan salardym şeýle bir dünýä, Adamlar islegne ýeterdi aňsat.
Meçjitden, Namazdan Söz Açma Bize – Omar Haýýam Rubagylar
Meçjitden, namazdan söz açma bize, Mes bol meýhanada, uýma boş söze, Şerap iç, eý Haýýam, erte gumuňdan Käte jam ýasarlar, käte hem küýze.
Meý Bilen Täret Gyl, Meý Bolan Ýerde – Omar Haýýam Rubagylar
Meý bilen täret gyl, meý bolan ýerde, Ýaman ýagşy bolmaz, ýazylgy serde, Şerap ber, gaýtadan ýamar ýaly däl, Örän zor ýyrtyldy sopulyk perde.
Meýliňçe Bolmansoň Dünýäniň Käri – Omar Haýýam Rubagylar
Meýliňçe bolmansoň dünýäniň käri, Bihudadyr pikriň-aladaň bary, Giç gelip-ir gitdik diýip, elmydam Biderek çekýäris gaýgy-azary.
Orazadyr, Namaz Göwnüme Ýarap – Omar Haýýam Rubagylar
Orazadyr, namaz göwnüme ýarap, Islegim bitdi diýp ýörerdim garap, Haýyp, ol täreti bir ýel syndyrdy, Orazamy bozdy bir ýuwdum şerap,
Şerap Aşyklara Deňizde Saldyr – Omar Haýýam Rubagylar
Şerap aşyklara deňizde saldyr, Meý akyl gyzynyň ýüzünde haldyr, Oraz aý içmedik, geçdi bihuda, Başram gijesidir, içsek halaldyr.
Ýeke Kerpijim-De Bolsa, Men Ony – Omar Haýýam Rubagylar
Ýeke kerpijim-de bolsa, men ony Ady ýaman meýe çalşaryn göni, «Hany ertirlige puluň?» – diýseler, Merýem dokan däldir selledir, dony.
Arman, Bu Ömrümiz Geçdi Biderek – Omar Haýýam Rubagylar
Arman, bu ömrümiz geçdi biderek, Ajalyň elinden gandyr köp ýürek, Geçenleň halyny soraýyn diýsem, Gidenlerden ne nyşan bar, ne derek.
Bir Ýaryň Yşkynda Ýanmasa Ýürek – Omar Haýýam Rubagylar
Bir ýaryň yşkynda ýanmasa ýürek, O hili ýürege «waý!» diýmekgerek. Ömrüňde şerapsyz geçse bir günüň – Ýokdur şol günüňden geçen biderek.
Bu Gysga Ömrümde Men Gamgyn Bolman – Omar Haýýam Rubagylar
Bu gysga ömrümde men gamgyn bolman, Meýlisden, şatlykdan özge zat bilmen, «Alla saňa ynsap bersin» diýýärler, onuň öz-ä bermez, berse-de alman.
Diýýärler;hezildir Hüýr Bilen Jennet – Omar Haýýam Rubagylar
Diýýärler;Hezildir hüýr bilen jennet Men diýýän;Bar zatdan şerapdyr gymmat». Uzakdan hoş geler depregiň sesi, Nagtyny al, çekme nesýeden minnet.
Düýn Agşam Meý Gaby Urdum Bir Daşa – Omar Haýýam Rubagylar
Düýn agşam meý gaby urdum bir daşa, Serhoşdym men şonda, içipdim aşa, – Men-de, sen ýalydym, sen hem bir zaman Bolarsyň men kimin – diýdi…
Eý Söýgülim, Göwnüm Üçin Gel Bäri – Omar Haýýam Rubagylar
Eý söýgülim, göwnüm üçin gel bäri, Islegmizçe çöz sen bir müşgil käri, Palçygmyzdan küýze ýasalmazdan öň Bir küýze meý getir, bar, biziň sary.
Gaýgy-Gamy Hergiz Başa Getirme – Omar Haýýam Rubagylar
Gaýgy-gamy hergiz başa getirme, Hasrat çekip, laýa batyp oturma, Kitapdan, gözelden, gülzardan geçme, Şat geçir ömrüňi – gapyl ötürme.
Gözlerim Syn Edip Her Ýana Bakar – Omar Haýýam Rubagylar
Gözlerim syn edip her ýana bakar, Behiştdir – göklük düz, köwserdir – akar Söz açma dowzahdan, jennetdir – sähra, Otursaň ýar bilen janyňa ýakar.
Her Kim Öz Şertinde Berk Dursa Zyýat – Omar Haýýam Rubagylar
Her kim öz şertinde berk dursa zyýat, Gül reňkli şerapdan dänmez ol aňsat, Oraz aý şert eden meý içmezlige, Namaz-orazadan goý bolsun azat!
Jahanda Hakyky Mahluk Adamzat – Omar Haýýam Rubagylar
Jahanda hakyky mahluk adamzat, Her kimiň pähmine girmez bu aňsat, Aňlaýyş meýinden bir ýuwdum içseň, Saýgarsyň mahlugyň haýsy kem, zyýat.
Men Nädeýin, Sen Palçygmy Ýuurdyä – Omar Haýýam Rubagylar
Men nädeýin, sen palçygmy ýuurdyä, Ýüň-ýüpegim baryn özüň egirddiň, Ýagşy-ýaman herne bizden çyksa-da, «Ýazgyt» diýip töweregme egirdň.
Meý Guýaryn Menlik Gabyn Özüne – Omar Haýýam Rubagylar
Meý guýaryn menlik gabyn özüne, Içerin ikisin yzly-yzyna, Ilki akla, dine üç talak berip, Soňra öýlenerin üzüm gyzyna.
Mydam Meslik Bolsun Aşyklaň Käri – Omar Haýýam Rubagylar
Mydam meslik bolsun aşyklaň käri, Ýa perşan-diwana, bolmasyn ary, Saglykda her zadyň edýäs gamyny, Meslikde ne bolsa – bize bir bary.
Oýlanyp Gör, Başyň Bolmasa Haly – Omar Haýýam Rubagylar
Oýlanyp gör, başyň bolmasa haly, Öň näme getirdiň äkide ýaly, «Meý içmerin, ölüm bardyr» diýýärsiň, içseň-içmeseň-de ölersiň häli.
Şerap Gup, Ýeri Däl Her Ýalan-Çynyň – Omar Haýýam Rubagylar
Şerap gup, ýeri däl her ýalan-çynyň, Bu gije meňkidir mäzleriň seniň, Geçeni, geljegi ýadyma salma, Pikrim – zülpüň ýaly çaşgyndyr meniň.
Taňry Palçygmyzy Eýlände Başda – Omar Haýýam Rubagylar
Taňry palçygmyzy eýlände başda, Her kime bir kysmat ýazanmyş başda, Meniň günälerim öz hökmi bolsa, Neçüýn magşar güni ýandyr ataşda.