Omar Haýýam Rubagylar
Şerapdan Bejerin Meniň Iýmitim – Omar Haýýam Rubagylar
Şerapdan bejerin meniň iýmitim, Gyzardyň saralan reňkim-petim, Ölsem, bedenimi meý bilen ýuwup, Üzüm agajyndan ýasaň tabytym.
Tans Edip, Aýak Ur, Biz El Uraly – Omar Haýýam Rubagylar
Tans edip, aýak ur, biz el uraly, Gözelleň saglygna meý al, uraly, Onçakly hezil däl ýigrmide urmak, Hezil altmyşdadyr, tur gel, uraly!
Zannymda Bir Nagyş Ýaratdyň Meniň – Omar Haýýam Rubagylar
Zannymda bir nagyş ýaratdyň meniň, Mendäki geň gylyk täsiri şonuň. Şundan ýagşy bolup bilmerin, çünki Öň şeýle galypa guýuşyň seniň.
Başarsaň Ynjytma Hiç Bir Kimsäni – Omar Haýýam Rubagylar
Başarsaň ynjytma hiç bir kimsäni, Gazap odun ýakyp, berme nogsany, Eger sen hemişe dynçlyk isleseň, Ynjasaň-da, ynjytmagyn ynsany.
Bizden Öňem Aýal-Erkekler Bolup – Omar Haýýam Rubagylar
Bizden öňem aýal-erkekler bolup, Zynat beripdirler äleme gelip, Topragym güňlerçe tendendir meniň, Sen hem toz bolarsyň bir güni ölüp.
Çyn Adamdyr Diýme Köp Diýp Hünäri – Omar Haýýam Rubagylar
Çyn adamdyr diýme köp diýp hünäri, Seret ykraryna, barmydyr ary, Sözüniň üstünde tapylan adam Mertleriň merdidir – ärleriň äri.
Dost Tutun Sen Aňly Hem Dogry Kesden – Omar Haýýam Rubagylar
Dost tutun sen aňly hem dogry kesden, Müň agaç daşda dur gylygy pesden, Iç, eger bilimli zäher berse-de, Ýere dök, derman-da ýetse näkesden.
Eger-De Uzatsam Zülpüňe Elim – Omar Haýýam Rubagylar
Eger-de uzatsam zülpüňe elim, Çyn aşyk bolmasam, kesilsin dilim, Zülpünde görüp men däli göwnümi, Öz ýesir göwnüme uzatdym golum.
Eý, Dirilik Suwy, Lebinde Pynhan – Omar Haýýam Rubagylar
Eý, dirilik suwy, lebinde pynhan, Goýma, dodaklarňy öpsün stakan. Dodagyň öpere kim bolupdyr ol! Ganyny içmesem, däldirin ynsan.
Gepleseň Atýarsyň Kinäňi Öňe – Omar Haýýam Rubagylar
Gepleseň atýarsyň kinäňi öňe, Elmydam «dinsiz» diýp at dakýaň maňa, Näme etsem edýärin, seniň işiň däl, Men özüm-özümki, dahly ýok saňa.
Gül Paslynda Iç Sen Gül Reňkli Bada – Omar Haýýam Rubagylar
Gül paslynda iç sen gül reňkli bada, Ýaňlansyn sazyň hem sesi howada, Men içerin, lezzet alyp, şatlanyp, Içmeseň nädeýin, daş iç, sen ýa-da.
Hergiz Boş Bolmady Başym Bilimden – Omar Haýýam Rubagylar
Hergiz boş bolmady başym bilimden, Bilmedik syrlarym azdyr ylymdan, Oýlanyp syn etsem, köp zady bilmän, Gidipdir ömrümiň bary elimden.
Jenneti Gören Ýok, Dowzahy Bilen – Omar Haýýam Rubagylar
Jenneti gören ýok, dowzahy bilen, Kimdir ol jahandan dolanyp gelen? Birinden howp edip, birin söýeniň Ikisem hyýaldyr – boş atdyr, ýalan.
Men Syrly Dünýäden Gelen Bürgütdim – Omar Haýýam Rubagylar
Men syrly dünýäden gelen bürgütdim, Bir orun bolar diýp boş niýet etdim. Bu ýerde tapmamsoň syryma syrdaş, Öň giren gapymdan çykdym-da gitdim.
Meý Iç, Şerigaty Ýadyňa Salma – Omar Haýýam Rubagylar
Meý iç, şerigaty ýadyňa salma, Jennet, jähennemi göwnüňe alma, Selläni meý bilen degiş gorkma-da, Bir köne esgini edäý sen çalma.
Ne Waslyňa Elim Ýeter, Eý Senem – Omar Haýýam Rubagylar
Ne waslyňa elim ýeter, eý senem, Ne takat bar hijriň çekere bir dem, Ne erk bar sözläre bu gamy özgä: Müşgil iş, hoş höwes, bir…
Pelek Bermez Gamdan Özge Bir Derman – Omar Haýýam Rubagylar
Pelek bermez gamdan özge bir derman, Birini bermez ol – birini alman, Heniz dogmadyklar halymyz bilse, Biri-de jahana agelmez – bigüman.
Söýgülim, Gül Ýüzüň Görmäge Men Zar – Omar Haýýam Rubagylar
Söýgülim, gül ýüzüň görmäge men zar, Özge ýerde sen hem gama giriftar, Indi gutulmak ýok bu dertden, çünki Bejerjek tebibiň özi hem bimar.
Taňrymyz Jennetde Meý Berip Wada – Omar Haýýam Rubagylar
Taňrymyz jennetde meý berip wada, Heý, haram edermi ony dünýäde? Hemzäniň düýesin kesdi bir arap, Şoňa haram etdi Muhammet bada.
Aassa Meýdedir Göwnüm Hemişe – Omar Haýýam Rubagylar
Aassa meýdedir göwnüm hemişe, Maňa saz diňlemek bolupdyr pişe, Gumumdan çüýşäni bejerse ussa, Mydam meýden doly bolar ol çüýşe.
Az Mahal Bu Jahan Boldy Jaýymyz – Omar Haýýam Rubagylar
Az mahal bu jahan boldy jaýymyz, Gamdan özge hiç bolmady paýymyz, Müşgil işlermiziň birem çözülmän, Ýürekde müň hesret, ýaşdy aýymyz.
Biz Oýunjakdyrys, Pelek Oýunbaz – Omar Haýýam Rubagylar
Biz oýunjakdyrys, pelek oýunbaz, Hakykatdyr menden eşdilýän owaz, Bir-birden gireris ýokluk sandygna, Durmuşyň küşdünde oýnansoä giraz.
Çyn Aşyklar Bakmaz Görnüşe, Ýüze – Omar Haýýam Rubagylar
Çyn aşyklar bakmaz görnüşe, ýüze, Dowzahy – behişdi hiuç ilmez göze, Ýassansa per ýassyk ýa gara daşy, Ýüň, ýüpek geýse hem parhsyz diýr bize.
Diýýärler;meý Içme, Düşersiň Derde – Omar Haýýam Rubagylar
Diýýärler;Meý içme, düşersiň derde, Ot bolup ýanarsyň hasabat ýerde», Şeýle weli, iki älemden ýegdir; Huş bolmadyk wagty bu humar serde.
Eger Meý Içmesem, Hoşallyk Pynhan – Omar Haýýam Rubagylar
Eger meý içmesem, hoşallyk pynhan, Çenden köp içsem-de, aklyma nogsan, Saglykdyr mesligiň aralygynda Hakyky durmuş bar, men şoňa gurban.
Eý Taňry, Sen Eşret Gapym Baglaýaň – Omar Haýýam Rubagylar
Eý taňry, sen eşret gapym baglaýaň, Meý gabym syndyryp, bagrym daglaýaň, Günäkär hem bolsam, ýüzüňe diýjek: Içýän-ä men, sen keýpiňi çaglaýaň.
Gelmezden Öň Gamlar Basgy Salmaga – Omar Haýýam Rubagylar
Gelmezden öň gamlar basgy salmaga, Buýruk ber, eý gözel, şerap almaga, Sen altyn-zer dälsiň, eý, gapyl adam, Gömüleňsoň ýene gaýdyp gelmäge.
Güllän Wagty Ýigitligiň Nahaly – Omar Haýýam Rubagylar
Güllän wagty ýigitligiň nahaly, Näm üçin elleriň meý jamdan haly, Meý iç, bu zamana zalym duşmandyr, Kyndyr soň tapmaklyk – şu günüň ýaly.
Hiç Kimi Ýandyrmaz Günämiň Ody – Omar Haýýam Rubagylar
Hiç kimi ýandyrmaz günämiň ody, Kimseden görmedim, haraýy-dady, Zamana elinden galyp azara, Eştmedim igençden başga bir zady.
Kimler Din Pikirinde, Eger Etseň Syn – Omar Haýýam Rubagylar
Kimler din pikirinde, eger etseň syn, Kimlere dogryny saýgarmaklyk kyn, «Eý, gapyllar! » diýip, gygyrýar jarçy: Ne iman hakykat, ne mezhep, ne din.
Meni Bir Gün Ýatan Sermes Görersiň – Omar Haýýam Rubagylar
Meni bir gün ýatan sermes görersiň, Aýagňa ýykylan bir pes görersiň, Elimden jam gaçyp, başymdan selle, Zülpe sejde eden – bir kes görersiň.
Meý Içen Wagtynda Aklyň Ýititme – Omar Haýýam Rubagylar
Meý içen wagtynda aklyň ýititme, Huşuňy ýitirip, samrap oturma. Isleseň şerabyň halal bolmagyn, Däliräp, ynsana azar ýetirme.
Ol Palçyk Gapakly Küýzeden Maňa – Omar Haýýam Rubagylar
Ol palçyk gapakly küýzeden maňa, Doldur jamy, göwnüm suwsady şoňa, Taşla sen başyňdan arzuw gülüni, Doludyr gara ýer arzuwdan ýaňa.
Saky, Ýeriňden Tur, Daň Atdy, Ine – Omar Haýýam Rubagylar
Saky, ýeriňden tur, daň atdy, ine, Bulrury dolduryp, şerap bersene, Bu amanat demi pany dünýäde Her näçe gözleseň –tapmarsyň ýene.
Söýgülim, Haýsy El Ýaratdy Seni – Omar Haýýam Rubagylar
Söýgülim, haýsy el ýaratdy seni Görküň utandyrdy aý şöhlesini, Gözeller baýram diýp ýüzün bezese, Sen ýüzüň husnundan bezeýäň ony.
Täze, Köne Meýiň Biz Hyrydary – Omar Haýýam Rubagylar
Täze, köne meýiň biz hyrydary, Dünýäniň bahasy bir däne dary, Bilýärmiň öleňsoň gitjek ýeriňi? Her ýerik gitseň git – meý äber bäri.
Ýyrtyjy Ýolbars Dek Awda Barymyz – Omar Haýýam Rubagylar
Ýyrtyjy ýolbars dek awda barymyz, Elmydam hars urmak dert-azarymyz, Ähli işlermize bir-bir garalsa, Açyk belli bolar biziň kärimiz.
Bar, Toprak At Çarhy-Pelek Başyna – Omar Haýýam Rubagylar
Bar, toprak at çarhy-pelek başyna, Meý içip, gözelleň aýlan daşyna, Gidenlerden bir hem gaýdyp gelen ýok, Ýeri däl meýl etmek tagat işine.
Biziň Depdermizdem, Jahan Syrlary – Omar Haýýam Rubagylar
Biziň depdermizdem, jahan syrlary, Aýdylsa, ýagdyrlar dürli şerleri, Halkyň aň-bilimi ýetne bolansoä, Aýdyp bolmaz ýürekdäki barlary.
Däbimdir Meý Içip, Hoş Bolmak Zyýat – Omar Haýýam Rubagylar
Däbimdir meý içip, hoş bolmak zyýat, Niýetim dinlerden bolmakdyr azat, Soradym galňyny dünýä gelniniň, Diýdi;Galňym şoldur bolsa köňlüň şat».
Dostumdyr-Keseki Eýlese Wepa – Omar Haýýam Rubagylar
Dostumdyr-keseki eýlese wepa, Ýagymdyr-ýakynym ger berse jepa, Bal-eger ýakmasa, zäherdir maňa, Dermandyr – zäherden tapaýsam şypa.
Ertir Ne Boljagny Bilmez Adamzat – Omar Haýýam Rubagylar
Ertir ne boljagny bilmez adamzat, Başarsaň eýlegin däli köňli şat, Aýyň ýagtysyna meý iç, eý aýym, Soň bizi tapmaz ol, nur salyp zyýat. ===========0 Meýhanada…
Eý, Başda Ýanmaga Bolan Sezewar! – Omar Haýýam Rubagylar
Eý, başda ýanmaga bolan sezewar! Eý, öňden dowzaha edilen duçar! Rehim isläp haka ýüzlenme, Omar! Oňa sapak biýre näme hetdiň bar?
Geldim Men Dolanyp Meçjide Ine – Omar Haýýam Rubagylar
Geldim men dolanyp meçjide ine, Dogrusy, namaz diýp gelmedim ýöne, Ogurlapdym ozal bir namazlygy, Ol indi köneldi, geldim men ýene.
Gün Ýagty Salanda Dünýä Ýalbyrap – Omar Haýýam Rubagylar
Gün ýagty salanda dünýä ýalbyrap, Şerap jamy dursun eliňde parlap, Diýýärler;dogry söz ajy bolarmyş», Şu delile görä – halaldyr şerap.
Hiç Kime Syryny Diýmäýin Pelek – Omar Haýýam Rubagylar
Hiç kime syryny diýmäýin pelek, Şalaryň başyna getirdi kelek, Şerap iç, gelmersiň gaýtadan dünýä, Ömür berilmeýär ikinji gezek.
Kim Jahanda Eden Däldir Gününi – Omar Haýýam Rubagylar
Kim jahanda eden däldir gününi, Günäsizler neneň geçir jahany, Men günä gazansam, sen jeza berseň, Onda ikimiziň parhymyz hany?
Meniň Elim Kimin Meý Gutan Eli – Omar Haýýam Rubagylar
Meniň elim kimin meý gutan eli Uzatmak gurhana ýaraşmaz weli, Sen gury sopy sen, men bir öl pasyk, Ot guryny ýakar – ol ýakmaz öli.
Meý Içip, Göwnümiz Gel, Şat Edeliň – Omar Haýýam Rubagylar
Meý içip, göwnümiz gel, şat edeliň, Gelerden-geçerden kem ýat edeliň, Gam laýyna batan bu ýesir göwni Akyl duzagyndan azat edeliň.
Ol Ýyldyzlar Bezeg Berip Asmana – Omar Haýýam Rubagylar
Ol ýyldyzlar bezeg berip asmana, Dogar, ýaşar, köp dolanar zamana, Asmanyň astynda, ýeriň üstünde, Hemişelik dogurmak bar ynsana.